eltilmek işlik

  1. Bir ýere alyp barylmak, äkidilmek, gowşurylmak.

    • Öňki eltilen otuň, çopanlaryň özleriniň taýýarlanja seliniň gutaryp barýandygyny men baryp öz gözüm bilen görmesem hem bilýän. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Biziň eltilen günümiziň ertesi han gelip aýlandy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Bir zada sezewar edilmek, duşurylmak, uçradylmak, duçar edilmek.

  3. Goýberilmek, ýakynlaşdyrylmak, ýakynyna bardyrylmak.


Duş gelýän formalary
  • eltildi
  • eltildim
  • eltilen
  • eltilende
  • eltilenden
  • eltilendigi
  • eltilendir
  • eltilensoň
  • eltiler
  • eltileri
  • eltilerine
  • eltilip
  • eltilipdi
  • eltilipdir
  • eltiljekdigi
  • eltiljekdiklerini
  • eltilmegi
  • eltilmeginden
  • eltilmegine
  • eltilmegini
  • eltilmeginiň
  • eltilmek
  • eltilmeli
  • eltilmelidi
  • eltilmelidir
  • eltilmese
  • eltilmesi
  • eltilmesiniň
  • eltilmeýän
  • eltilmän
  • eltilmändir
  • eltilse
  • eltiläýmese
  • eltilýän
  • eltilýändir
  • eltilýär
  • eltilýärler