ellemek işlik

  1. Eliňi birine ýa-da bir zada degirmek, degrip görmek; bir zady eliň bilen tutup görmek, barlap görmek.

    • Hapa eliň bilen çagany elleme! («Tokmak» žurnaly)

    • Biziň ýatjak ýerimiz meniň näçe bede düşändigimi elläp gördi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Aýal maşgalanyň namysyna degmek, el degirmek, el urmak, ynjatmak.

  3. Göçme manyda Bir zady edinmek, ele salmak.


Duş gelýän formalary
  • elledi
  • elledim
  • ellediňmi
  • ellem
  • elleme
  • ellemegiň
  • ellemek
  • ellemeli
  • ellemezinden
  • ellemezler
  • ellemäge
  • ellemän
  • ellemändir
  • ellese
  • elleseler
  • elleseň
  • elleseňem
  • elleýär
  • elläbem
  • ellämok
  • ellän
  • ellände
  • elläni
  • elläniňde
  • elläp
  • ellär