elýaglyk

[elýa:glyk]

El-ýüz süpürmek üçin dört burç görnüşli mata bölegi.

  • Elýaglygy bilen derini süpürdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Elýaglygy bilen agzyny, burnuny süpürişdirip, nas atdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Ol öz hilesiniň üstüni örtmek üçin, agzyny-burnuny towlap, janygyp gepledi, käte-de elýaglygy bilen gözüni süpürdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem elýaglyk - elýaglygy.


Duş gelýän formalary
  • elýaglyga
  • elýaglygy
  • elýaglygyna
  • elýaglygyny
  • elýaglygynyň
  • elýaglygyňyz
  • elýaglyk-da
  • elýaglyklar
  • elýaglyklarda