eklenç

Eklenmek üçin gerek bolan zerur zat, serişde güzeran; ýaşamaklyk, gün geçirmeklik.

  • Çaganyň eklenjiniň aladasyny etmeli. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Emma eklenç-güzerançylykda welin, biri-birine söýenişik ýokdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Oňa gelin alyp bersek, eklenç başyna düşenini biler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eklenç - eklenji.


Duş gelýän formalary
  • eklenje
  • eklenjem
  • eklenji
  • eklenjim
  • eklenjinde
  • eklenjindäki
  • eklenjindäkiler
  • eklenjine
  • eklenjini
  • eklenjini-de
  • eklenjiniň
  • eklenjiň
  • eklenjiňde
  • eklenjiňizi
  • eklençdäki
  • eklençleri
  • eklençsiz
  • eklençsizlik