ekiş e‧kiş

Ekin ekmek işleriniň prosesi.

  • Bu ekiş wagtyndady. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Gardaş, ekiş kampaniýasy ýetip geldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Özleri bolsa ýerlerini ekişe taýýarlamak bilen boldular. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)


Duş gelýän formalary
  • ekişde
  • ekişden
  • ekişe
  • ekişi
  • ekişinde
  • ekişinden
  • ekişine
  • ekişini
  • ekişiniň
  • ekişiň
  • ekişiňki
  • ekişleri
  • ekişlerine
  • ekişleriniň
  • ekişlikden