ejizletmek işlik

[eji:zletmek]

  1. Güýçden-gurpdan düşürmek, güýç-kuwwatyny azaltmak, ysgynsyz etmek, güýçsüz etmek.

    • Gamçy yzlary Myrady ejizletdi. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

    • Açlyk adamyny gör nähili ejizledýär -- diýen oý bilen Artyk ony galdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Pese düşürmek, asgynlatmak, gowşatmak.

    • Aýdylýan sözler ony ýuwaş-ýuwaşdan ejizledip başlady.

  3. Göçme manyda Hor ýagdaýa salmak, biçäre halda goýmak.

    • Geçmişiň agyr durmuşy ony has ejizletdi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ejizletmek - ejizledýär, ejizleder, ejizledipdir.