eje

  1. Çagany dogran, çagasy bar aýal, ene.

    • Ejesi hem eli bedreli gölesini goýberip, sygryny sagmaga barýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Megerem, ýaňky setirleri ýazan mahalynda, ol özüniň mähriban ejesini unudan bolmagy mümkin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Sen dörärsiň diýip bolsa, ejeň ikimiziň göwnümize-de gelmändi. (K. Jumaýew, Dört Oglan)

    • Myrat öýe gelende, onuň ejesi Nabat okara-çemçelerini stoluň üstünde goýuşdyrýardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  2. Ýaşy bir çene baran aýala hormat üçin onuň adyndan soň getirilip aýdylýan söz.

    • Bir gün Berdi aga bilen Aknabat eje ertirki çaýlaryny içip otyrdylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Bike eje oglunyň bolşuna köp wagtdan bäri göz astyndan syn edip, bir zadyň bardygyny aňýan hem bolsa, oňa gitdiň-goýduň diýip azar bermeýärdi. (G. Gurbansähedow, Ýürek Daş Däl)

    • Dogrusyny aýdanda Nabat eje şol süýji hyýal bilen ymyzganypdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)