ejap

[eja:p]

Aýyply işe düşünmekden ýüze çykýan çekinmeklik, utanmaklyk duýgusy, utanç, haýa.

  • Emma gyzlyk ejaby, onda-da bir ýany Artyk bolany üçin, ol şol sözüni aýdyp bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ejap - ejaby.

ejap etmek

Birinden ýa-da bir zatdan utanmak, çekinmek, ätiýaç etmek.

  • Anton aga çagalardan soramaga ejap etdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Özünden özi ejap edýän wagtlar hem bolýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Siziň gözüňize görünäge ejap edip, öýe bakan ökje göterendir. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Onuň seredişinden geplemesiniň gelýänligi, özüniň geplemän oturmagyna ejap edýänligi, özüniň geplemän oturmagyna ejap edýänligi we şuňa gynanýanlyygy görünýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Olardan ejap edýän ýaly haşlap dem aldy. (N. Pomma, Egri Eýikmez)