egsik

  1. Möçberi kemeldilen, möçberi kemelen, azaldylan, doly däl (suwuklyk hakda).

  2. Kem, ýetmez, pes (ýagdaý).

    • Indi oňa gowşak, ölügsi hem egsik görünýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Onuň nämesi senden egsik? ! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem egsik - egsigi.