egmek işlik

  1. Bir zadyň uçlaryny biri-birine ýakynlaşdyryp, duga görnüşinde etmek; başyny, ýokary tarapyny aşak bükmek, epmek, tutmak, gyşartmak.

    • Düzüm-düzüm gozalar gowaçalaryň şahalaryny aşak egipdirler. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Agaçlar üstlerine oturan tozanlaryny göterip bilmän, köp miwe getiren ýaly başlaryny aşak egipdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Çekilýän jylaw Meleguşuň altyn boýnuny ýaý ýaly egýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Küýzäniň bilini çep aýagyna söýäp, ony egdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Gury agajy egmegin, degmedige degmegin. (nakyl)

  2. Göwresi öňe eňňit edýän, bükürräk (adam).

    • Ol jüýkburun, egmejik adamdy. (N. Pomma, Egri Eýikmez)

    • Topazburnuň gaňrak ýaly egmek göwresi dikilen ýaly boldy. (N. Pomma, Egri Eýikmez)

    • Boýunlar ýygyrtlaşan, uzyn, arryk, egmek kösä şol talaňdan zat ýetmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

baş egmek

seret baş2

  • Ol iki elini uýlugyna diräp, baş egip salam berdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  • Başyn egip bu gelin, «Düş» diýip yşarat etdi. (A. Alamyşow, Sona)

  • Bir adamyň öňünde baş egmek, boýun burmak bolar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Çarwalar Artyga baş egmäge taýyndylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Men bu ajaýyp ylymyň öňünde baş egýärin. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

boýun egmek

seret boýun

  • Eýranda bolan kazak komandowaniýesi Maşada gelen iňlis harby missiýasyna boýun egipdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)