Bir iş ýa-da bir sebäp bilen birnäçe wagt saklamak, duruzmak, saklap durmak, gijikdirmek.
Ony näme üçin egleýärsiň?! (D. Agamämmedow, Goşgular we hekaýalar)
Garly, öý salgydyny tizräk tölegin, egleseň, özüň üçin ýagşy düşmez. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Hekim aga, asyl eglemen! -- diýip, dişini syrtardyp güldi. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)
Dostuňy egleme, nepden galmasyn, Duşmanyň saklama, syryň bilmesin. (nakyl)