eginlek

Çiginleri giň, egni ýasy, güýçli, daýaw (adam).

  • Eginlek adamyň peýda bolmagy oturan adamlaryň ünsüni özüne çekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Üç dogan gürleşip, gülýär şadyýan, Üçüsi-de jahyl, daýaw, eginlek. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eginlek - eginlegi.