egindeş

  1. Deň boýly, uzynlygy bir meňzeş.

  2. Ýaşlary, durmuşdaky hereketleri boýunça ugurdaş bolan, deň-duş.

    • Ana şonda şo-da egnine tüpeň atyp öz egindeşleri bilen bile urşa gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Egindeş ýaşlaryň wäşi gülkisi, Howada ýaňlanyp, guş ýaly uçýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Biri-biriniň ýakyn ýanynda, deňinde, gapdalynda bolan, ýanaşyk.

    • Iki dost egindeş bolup durdular. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Göçme manyda Bile, bilelikde, deň.

    • Ençeme ýyl bäri egindeş işleşip gelýäni-de Annatuwakdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Göçme manyda Deň hereket edip gelýän, pikirdeş, ýürekdeş, işde, göreşde, söweşde synagdan geçen ynamdar ýoldaş.

    • Mollanepesiň döwürdeşi, ýakyn egindeşleriniň biri-de satirik şahyr Keminedir. («Edebiýat»)

    • Ýogsa-da, men ony seniň üçin getirtdirdim, indiki sapar gelemde, onuň ýürekdeş egindeşleriniň suratyny hem getirip bererin. («Türkmen Pýesalary»)