Tüýs, dop-dogry, jikme-jik, gös-göni, hamala, göýä.
Men size duýdurmasam hem siziň her biriňiz edil öz doganym ýaly söýýärdim. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Mälik atasyny edil alkymyna gelende duýup galdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Dursunjemal edil oglan ýaly şatlanyp, daşaryk böküp çykdy. Sowuga çydap bilmän düýrlenip, edil ýumak ýaly bolupdyr. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Edil şonuň özi men! («Görogly» eposy)
Edil atyň gulagy ýaly!