Erk, ygtyýar.
Aýna oturan ýerinden gozganjak bolanda, göwresine edem edip bilmändi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göwresi edem berenok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň köpsük ýaly uzyn barmaklary özüne edem bermeýän ýaly titreýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýöremäge aýagy asla edem etmedi, Zorluk bilen etse-de, Ýeter ýerde ýetmedi. (B. Kerbabaýew, Saýlanan eserler)
Aýaklary edeň bermän özüne, Düzje ýerde büdräp enteýän ýaly. (B. Kerbabaýew, Aýlar)