[edebiýa:t]
Umuman ýazuw formasynda bolan eserleriň jemi, hemmesi.
Olar her daýym şähere edebiýat almak üçin gidýärler. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Söz arkaly durmuşy suratlandyrmak, çeper obrazlary döretmek ýaly häsiýetli aýratynlyklary bolan sungatyň bir görnüşi.
Çeper edebiýat açylan güldür. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Ol çeper edebiýat kitaplaryny-da okamagy söýýän adamdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Seniň goýup giden ençe mirasyň, Edebiýat mülküniň altyn hazynasy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Haýsy hem bolsa bilimiň bir görnüşi boýunça bolan eserleriň jemi.