edebi

  1. Çeper edebiýata degişli bolan.

    • Okuwdan soň edebi kitaplar bilen meşgullanardyk. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Edebi eserlere baha bermäge şunuň ýaly çemeleşilmegine biziň garşydygymyz öz-özünden düşnüklidir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Edebi diliň normalaryna dogry gelýän, laýyk gelýän.

    • Edebi stil.

    • Edebi gepleýiş.

edebi dil

Ýazuw üsti bilen berkidilen kadalary bolan umumyhalk diliniň işlenen formasy.

  • Puşkin rus edebi dilini döretdi. (A. S. Puşkin, Saýlananlar eserler)

  • Türkmen edebi dili.