edara

[eda:ra]

Haýsy hem bolsa bir işiň bir görnüşi bilen meşgullanýan gurama.

  • Bir gün agşam kolhoz başlygy Han küýlini edarasyna çagyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Şu obada bu jaýa «täze durmuşyň edarasy» diýlip atlandyrylýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Kolhoz edarasynyň jaýynda Aman poşçy we birnäçe kolhozçylar otyrdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Şol buraw kontorasynyň edarasydy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

edara etmek

Işi guramak, dolandyrmak, herekete, işe ýolbaşçylyk etmek.

  • Mübäşir erbabyň ýer-suwuny edara edýän adam. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Edaralary edara etmäge halkyň özüni gyzyklandyrmak gerekdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)