ebt ebt

Üst-baş, üst görnüş, daş görnüş.

  • Ol ebtiňe seret, eşigiňi ýylda bir gezek täzeläp bileňok. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ebti agmak

Eleşan halda bolmak, göz-görüm bolup ýörmek.

  • Heý, seniň ýaly ebtini agdyryp, işe günortan gelýän barmy?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ebtiňi agdyryp durma-da, bar, eşigiňi çykaryp, ýuwnup gel! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Onuň şol wagt gaty ebti agdyk aljyraňňylygy göýä bir gorkunç möjekden gaçyp gelýäne meňzeýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

ebti düşük

Nalajedeýin görnüşde bolan, tutuk, keýpsiz.

  • Ol ruhsuzdy, ebdi düşükdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ebti
  • ebtine
  • ebtini
  • ebtiň
  • ebtiňe
  • ebtiňi