ebeteý e‧be‧teý

  1. Ýagdaý, alaç, tär, usul, ukyp, ugur.

    • Men ony soramanyň hem ebeteýini tapamok. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Kiçijik Azat garry bagşydan bir zat sorajak bolýardy, emma nähili edip soramagyň ebeteýini tapmaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ol özi garyp bolsa-da, ýeriň-suwuň ebeteýini bilýän adam. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Amatly ýagdaý, pursat, maý, çem.

    • Ebeteýi gelse, Artyk ony atman hem durmazdy, onuň gürrüňinden hem gaçmazdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Iş-işden geçenini aňlandan soň, Artyk hem özüni haýatyň üstünden oklap, ýeriň ebeteýi bilen bukdaklap gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ebeteýi
  • ebeteýini
  • ebeteýsiz
  • ebeteýsizligi