Gylýallar maşgalasyndan bolan boýy pes, ýüzi uly, gulaklary uzyn haýwan.
Ertesi gün Berdi aga eşegini münüp geldi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Başga bir tarapda eşek aňňyrdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýatymlyk ýoldan eşek bilen suw çeken Akmaýa däl, Atabaýdyr. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Onuň dört aýaklydan ýeke eşegi bardy. Eşegi ýüke çek, eşek ýüke gelmese, ýüki-eşege. (nakyl)
Iki at depişer, arasynda eşek öler. (nakyl)
Eşek hem öz deňini gaşar. (nakyl)
Eşek semrese, eýesini deper. (nakyl)
Sögünç, gargyş.
Ol-a tüýs eşek ekeni. («Tokmak» žurnaly)
Tarly saz gurallarynyň (dutaryň) kirşiniň aşagyna goýulýan agaç, söýeg, ýassyjak.
Dutara eşek etmek.
Dutaryň eşegini gaçyrmak.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem eşek - eşegi.
Agyr, uly.
Işi şowuna bolmak, işi ugruna gitmek.
Aýtdyň-aýtmadyň bary bir, biriniň bir zada üns bermezligi.
Eşekçi bolanyň üstüne münlüp oýnalýan oýnuň ady.
Bir işi kynçylyksyz ýerine ýetirmezlik, ýeňillik, aňsatlyk bilen etmeklik.
Birini aldamak, kynçylyga duçar etmek, aňka-taňka etmek.