Bir zady etmegi başartmak, oňartmak, hötdesinden geldirmek.
Halnazar baýyň döwleti asyl, eýgerder ýaly däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Näme, ol eýgertmejek bolýarmy?! (H. Ysmaýylow, Powestler)
Bu iş ikimize eýgertjek iş däldir. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem eýgertmek - eýgerdýär, eýgerder, eýgerdipdir.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.