eýe e‧ýe at

  1. Haýsy hem bolsa bir zada hojaýynlyk ediji, eýelik ediji, bir zadyň hojaýyny.

    • Hatyň eýesini gözläp, töweregine garanjaklady. (B. Soltannyýazow, Kümüş)

    • Indi, eýesi gelende, näme-jogap bereris? (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Köse eýesini tanan it ýaly, kä öňüne geçýär, kä gapdalyna geçýär. («Görogly» eposy)

    • Gel, şu öýüň eýesini bir göreýin-le! (N. Pomma, Egri eýikmez)

    • Mal eýesiniň gözünden suw içer. (nakyl)

    • Eýesine gerek bolsa, goňşusyna haram. (nakyl)

  2. Doly ygtyýarly, eýelik ediji, doly ygtyýarlyk, erk ediji.

    • Men-de bir ýurduň eýesi. («Görogly» eposy)

  3. Grammatik termin Habar tarapyndan hereketi ýa-da ýagdaýy, bolşy kesgitlenýän sözlemiň baş agzasy.

    • Sözlemiň eýesini tapmak.

  4. Mifologiýa Haýsy hem bolsa bir zada eýelik etmek, bir zadyň eýesi bolmak.

    • Ahyr Görogly atasynyň ýurduna eýe boldy. («Görogly» eposy)

  5. Bir derejä ýetmek, bir zady özleşdirmek.

    • Iň gowusy başga bir hünäre eýe bolmak gerek. («Mydam taýýar» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • eýe-de
  • eýeden
  • eýedi
  • eýedigi
  • eýedigimizi
  • eýedigine
  • eýedigini
  • eýedikleri
  • eýediklerini
  • eýediler
  • eýedir
  • eýedirler
  • eýeler
  • eýelerden
  • eýelerdir
  • eýelere
  • eýelerem
  • eýeleri
  • eýeleridi
  • eýeleridir
  • eýelerim
  • eýelerinde
  • eýelerinden
  • eýelerine
  • eýelerini
  • eýeleriniň
  • eýeleriň
  • eýeli
  • eýelidir
  • eýeligidir
  • eýeliginde
  • eýeligini
  • eýeligiň
  • eýelik
  • eýelileriniňem
  • eýemi
  • eýesem
  • eýesi
  • eýesi-de
  • eýesidi
  • eýesidir
  • eýesimi
  • eýesin
  • eýesinde
  • eýesindedir
  • eýesinden
  • eýesine
  • eýesinem
  • eýesini
  • eýesiniň
  • eýesiniňem
  • eýesiz
  • eýesizem
  • eýesiziň
  • eýesizleri
  • eýesizligine
  • eýesizlik
  • eýä
  • eýäm
  • eýämden
  • eýämiz
  • eýämize
  • eýämiň
  • eýäni
  • eýäniň
  • eýäň
  • eýäňi