Birine habar gatylanda ulanylýan ýüz tutma söz-ümlük.
Eý, akmak geçi, indi tä ölýänçäň, gurrugyň içinde galyber! («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Eý, tilki dost, sen bir gün hem işlemediň! («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Eý, oglanlar, Çarwa aga gelýär! -- diýen ses çykdy. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Eý, gurrandazlar men il içinde aýdyşyp ýeňene, göreşip ýykana barjak! -- diýip, özüm wada etdim. («Görogly» eposy)
Eý, Jepbar, şu günki habary eşitdiňizmi?! (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)
Derini, hamy işläp bejermek, üçin ulanylýan gatyk, ajadylan unly garyndy.
Mergen aga derä eý berip- çaý içmäge oturdy.
Eýiň derä, hama oňat siňmekligi, ornaşmaklygy, ýeterlik eýlenmek, eýi ýetmek.
Ol deriler oňat eý alypdyr.
Deri, ham ýeterlik wagtda eýde ýatandan soň ony eýden arassalamak, sermek.
Derileri eýden çykardylar.
Berk çäre görmek, temmi bermek, urmak.
Öz mukdaryna, ýeterlik eýbermek, eýini az etmezlik.
Durdy, derileriň eýini ýetirgin!
seret eýini görmek eýini görmek
Ony gözläp tapyp, mazalyja eýini ýetirmeli ekeniňiz ahyryn! Emma men dyzap, olaryň arasyndan sypdym-da, arkamy bir jaýa diräp, ýumruklarymy öňe uzatdym we öňürti sokulyp gelse, onuň eýini ýetirjekdigim aýtdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gowy görmek, eziz görmek, halamak, ýürekden ýagşy görmek.
Şonda-da ony men gaty eý görýän! («Edebiýat we Sungat» gazeti)
Öz goýnuny ählisinden eý görýär. («Tokmak» žurnaly)
Ol şert etse-etmese-de, diýenini edýän başlygy eý görýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Men tüpeňimi, gapanlarymy diýseň eý görýärdim. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Anna Petrowna meni öz ogly ýaly ýaly eý görýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gandym awçy hem agtygy Myrady ölen ogunyň dereginde eý görýärdi. (A. Gowşudow, Eserler)