[dy:z]
Anatomiýa But süňki bilen injik süňküniň birleşýän bogny, ýeri.
Begenç melemtil jalbaryny çyzgap, dyzyndan ýokary geçiripdir. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ol gapdalyndaky oturanyň dyzyna kakdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Sähel wagt oturmak.
Dyzlaryny epdi-de, Gele-gelmän dessine, Atany ol öpdi-de, Goýdy başyn üstüne. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Boýun egmek, boýun bolmak.
Hiç haçan duşman öňünde epmez olar dyzlaryny, Ähli halkym boldy ýürekdeşiň seniň, Türkmenistan! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Aýaklaryňy öňe uzadyp dynç almak.
Boýun burmak, ýalbarmak.
Oglunyň ýanyna baryp, dyzyna çökýär, onuň maňlaýyndan sypalaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Boýun bolmak, boýun egmek.