[du:zly]
Duzy köp düşen, şor.
Nahar duzly bolupdyr.
Duza ýatyrylan, duza basylan.
Duzly hyýar.
Göçme manyda Erbet täsir galdyrýan, ajy, awuly, zäherli (söz, dil hakda).
Onuň dili duzly.
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem duzly - duzluda, duzlular, duzlusy.