duzlamak duz‧la‧mak işlik

[du:zlamak]

  1. Tagamlyk üçin duz sepmek.

    • Böreklik eti duzlamak.

  2. Duza ýatyrmak, duza basmak.

    • Ol garaköl baganalaryny soýmak, duzlamak, eýlemek, bejermek baradaky iş prosesleriniň hemmesine ýolbaşçylyk edýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Kelem duzlamak.

  3. Göçme manyda Duzly sözler bilen ýüzüni almak, ýüzüni gyzdyrmak.

    • Tul-tullap gaty azary bar gyz -- diýip, gyzlar çişigi duzlardylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • duzlady
  • duzladylar
  • duzladym
  • duzlam
  • duzlamagyň
  • duzlamak
  • duzlamakda
  • duzlamakdan
  • duzlamakdyr
  • duzlamaly
  • duzlamany
  • duzlamazdan
  • duzlamaýan
  • duzlap
  • duzlapdyrlar
  • duzlapsyň
  • duzlar
  • duzlara
  • duzlardan
  • duzlardylar
  • duzlardyr
  • duzlary
  • duzlaryn
  • duzlaryna
  • duzlaryndan
  • duzlaryny
  • duzlarys
  • duzlasy
  • duzlaýar
  • duzlaýarlar