Dik, wertikal ýagdaýda goýmak, saklap bilmek.
Taýagy barmagyň üstünde dik durzup bilmek.
Garaşdyryp goýmak, garaşdyrmak, saklamak.
Meni şu ýerde durzup, özi bolsa gitdi.
Bolýan hereketi saklamak, togtatmak, işletmän saklamak.
Abat traktorlary duruzman işletmek gerek.
Hatara düzmek, hataryň ugrunda goýmak.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem duruzmak - durzar, durzupdyr.