Bagtly we şatlykly durmuş.
Filosofiýa Biziň aňymyza bagly bolmadyk obýektiw reallyk, materiýa, tebigat.
Durmuş aňy kesgitleýär.
Jemgyýetiň maddy ýaşaýşynyň şertiniň jemi, güzeran, ýagdaý.
Onda peselen durmuşyny ýokary galdyrmak höwesi bar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ol durmuşy bilen gagşaýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Köp meseleler boýunça düşünjeli bolmak, köp zady başdan geçirmek.
Bu adam birnäçe ýyl jigit bolup gulluk eden we onda-munda oturylyşyklarda bolup, az-kem durmuş gören adamdy. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)
Ýaşamak, güzeran görmek.