Anatomiýa Ýüzüň sakgalsapy bilen eňek aralygyndaky gapdal tarapy.
Onuň elleri üşäp, duluklary nar ýaly gyzarypdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Onuň sag dulugynda peşehordanyň yzy bildirýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem duluk - dulugy.