dowzah dow‧zah

  1. Dini söz

  2. Dini düşünjä görä: günäli adam ölenden soň, onuň janynyň «ol dünýäde» jezalandyrylýan ýeri, jaýy, jähennem.

    • Gurt bolsa: -- Eger meni müň ýyllap dowzahyň oduna ýandyryp çykarsaňyz-da şu bir bolşum bolar -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Boýun egmeýänleri bolsa dowzahyň eýmençli jebirleri bilen gorkuzypdyrlar. (Orta asyrlar taryhy)

  3. Göçme manyda Agyr ýagdaý, jebir, sütem.

    • Başyňyza döneýin, şolary şu azaply dowzahdan gutaryň! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • dowzaha
  • dowzahda
  • dowzahdan
  • dowzahdanam
  • dowzahdygyny
  • dowzahdyr
  • dowzahy
  • dowzahydyr
  • dowzahyn
  • dowzahyndan
  • dowzahyň