dowul at

Galmagal, gopgun; howsala, galagopluk.

  • Sen, oglan, zat ýok ýerden dowul turuzýarsyň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Çotuň görkezýän ummasyz puluny görüp; Pökgeniň hem ýüregine dowul düşüpdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem dowul - dowlum, dowluň, dowly.


Duş gelýän formalary
  • dowla
  • dowlum
  • dowlundan
  • dowluny
  • dowluňyzdan
  • dowly
  • dowulda
  • dowuldan
  • dowullary
  • dowully