dowam at

[dowa:m]

  1. Bir zadyň gutarylman, amala aşyrylman galan bölegi, yzy, soňy.

  2. Bir zadyň geçýän döwri, wagty, mütdeti.

    • Iki ýylyň dowamynda goşun tertibi Gylyç Gajar ogluny dogumlandyrdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ol özüniň bütin ömrüniň dowamynda hyjuwly göreşipdi. (I. T. Ogordnikow, P. H. Şimbirýow, Pedagogika)

dowam etmek

Ýüze çykan iş, hereket yzy üzülmän bolup durmak, yzy kesilmezlik.


Duş gelýän formalary
  • dowama
  • dowamlaýyn
  • dowamly
  • dowamlydy
  • dowamlydyr
  • dowamlygy
  • dowamlygyna
  • dowamlygyny
  • dowamlylyga
  • dowamlylygy
  • dowamlylygydyr
  • dowamlylygyna
  • dowamlylygynda
  • dowamlylygyndan
  • dowamlylygyny
  • dowamlylygynyň
  • dowamlylygyň
  • dowamlylyk
  • dowamlylykda
  • dowamlylykdan
  • dowamlysy
  • dowamsyz
  • dowamsyzlyk
  • dowamy
  • dowamydy
  • dowamydyr
  • dowamym
  • dowamyma
  • dowamymdan
  • dowamymy
  • dowamyn
  • dowamyna
  • dowamynda
  • dowamyndaky
  • dowamyndan
  • dowamyny
  • dowamynyň