dost

[do:st]

  1. Biri bilen özara ynamlylyk, söýgülilik, wepalylyk gatnaşygynda bolan adam, ýoldaş.

    • Şu obada iki sany garyp, dost maşgala ýaşaýardylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Puşkiniň metbugatda birinji peýda bolan eseri «Şahyr Dostuma» diýen şygrydyr. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Gahryman dostlarynyň düşüp öňüne, Arladyp maşynyn sürýär ileri. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Dostuň aýybyny ýüzüne aýt. (nakyl)

    • Dogry dost kinesiz bolar, bolşuňy ýüzüňe diýer. (nakyl)

    • Dostuňy egleme, nepden galmasyn; duşmanyň saklama, syryň bilmesin. (nakyl)

  2. Ýoldaşyňa ýa-da başga birine ýüz tutulyp aýdylýan söz.

    • Dost, biraz aýak çek!

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem dost - dostum, dostuň.

arasyndan gyl geçmez dost

Örän gowy görüşýän dost.

  • Aman poşçy bilen Sähediň we olaryň maşgalalarynyň arasyndan gyl geçmez dostluklary şeýledi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • dosta
  • dostam
  • dostdan
  • dostdugyny
  • dostdugyň
  • dostduk
  • dostdur
  • dostdy
  • dostlam
  • dostlar
  • dostlara
  • dostlardan
  • dostlardy
  • dostlarmy
  • dostlary
  • dostlary-da
  • dostlarydy
  • dostlarym
  • dostlaryma
  • dostlarymam
  • dostlarymdan
  • dostlarymdanam
  • dostlarymy
  • dostlarymyz
  • dostlarymyza
  • dostlarymyzy
  • dostlarymyzyň
  • dostlarymyň
  • dostlarymyňky
  • dostlaryna
  • dostlaryndan
  • dostlaryny
  • dostlarynyň
  • dostlaryň
  • dostlaryňa
  • dostlaryňam
  • dostlaryňy
  • dostlaryňyz
  • dostlaryňyza
  • dostlaryňyzyň
  • dostlaryňyň
  • dostluga
  • dostlugam
  • dostlugy
  • dostlugyma
  • dostlugymy
  • dostlugymyz
  • dostlugymyzy
  • dostlugymyzyň
  • dostlugymyň
  • dostlugyna
  • dostlugyndan
  • dostlugyny
  • dostlugynyň
  • dostlugyň
  • dostlugyňa
  • dostluk
  • dostlukda
  • dostlukdan
  • dostlukdyr
  • dostlukmy
  • dostly
  • dostmy
  • dostsuz
  • dostsuzlara
  • dostsuzlygyna
  • dostudy
  • dostudyr
  • dostudyram
  • dostum
  • dostuma
  • dostumam
  • dostumdan
  • dostumy
  • dostumyz
  • dostumyza
  • dostumyzdan
  • dostumyzdyr
  • dostumyzyň
  • dostumyň
  • dostun
  • dostuna
  • dostundan
  • dostuny
  • dostunyň
  • dostunyňam
  • dostunyňky
  • dostuň
  • dostuňa
  • dostuňam
  • dostuňdan
  • dostuňy
  • dostuňyz
  • dostuňyzy
  • dostuňyzyň
  • dostuňyň
  • dosty
  • dosty-da