dor

[do:r]

Gyzgylt-mele (atyň reňki hakda).

  • Myhman dor atyň hiç bir ýerinde kemçiligini tapyp bilmän pikire gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Dor alaşa baş çekdirmejek, bolup, agyzdyrygyny şakyrdadyp çeýneýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Sypanda dor taýyň sagrysyn, göwsün, Silkinip, oýnaklap, ol atýar owsun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem dor - dorum, doruň.


Duş gelýän formalary
  • dora
  • dorja
  • doruň
  • dory