[do:lmak]
Içine salnyp, agzyna, erňegine çenli gelmek, püre-pür bolmak.
Ýygnanmak, üýşmek, toplanmak.
Az salymdan soň meýdan adamdan doldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ýerine ýetmek, berjaý bolmak.
Ýaýramak, tutmak.
Doldy derrew tozandan Dury asmanyň ýüzi. («Mydam taýýar» gazeti)
Dokuz aý bolanda, bir ogluň bolsun, Onuň batyr ady äleme dolsun. (A. S. Puşkin, Ertekiler)
Boý almak, boýy-ini ýetmek.
Dolan Aý giň äleme şöhle seçýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem dolmak - doldum, dolduň, dolupdyr.
seret damak
Begenjinden gözel ejäniň damagy doldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)