dolak do‧lak

Ädik, çokaý we ş. m. aýakgap geýlende aýaga dolamak üçin ýörite dokalan ýa-da matadan edilýän bölek mata.

  • Meret haýdan-haý aýagyna dolagyny dolanyp, çarygyny geýegäden ýerinden turdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ýa dolak, ýa jorap goşunymyz üçin dokalyň! Öreliň! -- diýdi birleşip. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dolak - dolagy.


Duş gelýän formalary
  • dolagam
  • dolagy
  • dolagymy
  • dolagyny
  • dolagynyň
  • dolagyň
  • dolaklar
  • dolaklary
  • dolaklaryňyzy
  • dolakly
  • dolaklyk