dok dok 1

  1. Aç däl, naharly.

    • Guýrugy elek ýaly dok goýunlar mylaýym güneşden lezzet alardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Dok diýip, tilkä barma; aç-da bolsa, gurda bar. (nakyl)

    • Dokuň açdan habary ýok. (nakyl)

  2. Doly, maňyzlak.

  3. Mes ýaşaýan, bolelinlikde ýaşaýan.

    • Dok çaýkanman, aç doýmaz. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem dok - dokum, dokuň.

dok dok 2

Gämileri remont etmek üçin guralan port desgasy.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dok - dogum, doguň.


Duş gelýän formalary
  • doga
  • dogadyr
  • dogam
  • dogamy
  • dogum
  • doguma
  • dogumdan
  • dogumy
  • dogumyň
  • dogy
  • dokda
  • dokduk
  • dokdular
  • dokdur
  • dokdy
  • doklar
  • doklary
  • dokluga
  • doklugy
  • doklugymdan
  • doklugymy
  • doklugyna
  • doklugynda
  • doklugyndan
  • doklugyňy
  • dokluk
  • doklukdan
  • dokmy