Bir ene-atadan bolan çagalar hakynda maşgala aragatnaşygyny görkezýän at.
Garryja atasy Wepany aýratyn gowy görüp, ony hemişe özi bilen awa alyp gidýändigi üçin, özünden uly doganlary oňa, görübilmezçilik edýärdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Öz ýaşyň bilen deňräk ýaşly adamlara ýüz tutulyp aýdylýan söz.
Haw, dogan, saňa aýdylýar! -- diýip, ol ýene oňa ýüzlendi. («Tokmak» žurnaly)
Biri bilen dogan bolmak, doganlarça ýaşamaga wadalaşmak.