[doga:]
Dini söz Dini düşünjä görä: keselden gutulmak, göz degmezlik we ş. m. üçin işan-mollalaryň ýazyp berýän bölejik «mukaddes» hatlary.
Doga dakýar sygrynyň ol boýnuna. («Tokmak» žurnaly)
Dine ynanýan adamlar tarapyndan haýyş bilen «hudaýa», «keramatly» adamlara ýüz tutanlarynda okalýan Gurhan setirleri.
Galandar onuň sözüne ähmiýet bermedi-de, iki eliniň aýasyny ýüzüniň golaýyna ýetirip, pyşyrdap doga okamaga başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret dogabitdi
Doga sallah edeniňe-de şükür. (Ata Salyh, Dynç alyş Wagty)
Şeker doga şeýle. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)