doňuz

  1. Zoologiýa Iri bedenli, ýogyn we gysga aýakly, goşa toýnakly, süýtemdiriji haýwan.

    • Şäherliler sygyr, geçi, doňuz, gaz saklaýar ekenler. (Orta asyrlar taryhy)

    • Il aglak bolsa, doňuz depä çykar. (nakyl)

    • Doňuz ölse-de, hor-hory ýatmaz. (nakyl)

  2. Sögünç hökmünde ulanylýan söz.

    • Mämmedyň golundan sypmarsyň, doňuz! (B. Kerbabaýew, Aýlar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem doňuz - doňzum, doňzuň, doňzy.

doňzuň agy näme, garasy näme

Duşmanyň, ýakmaz zadyň hemmesi bir.

doňzy batgada basmak

Duşmanyň aljyraňňy wagtynda daşyna geçmek.


Duş gelýän formalary
  • doňuz-da
  • doňuzda
  • doňuzdan
  • doňuzdyr
  • doňuzlar
  • doňuzlara
  • doňuzlaram
  • doňuzlarda
  • doňuzlardan
  • doňuzlary
  • doňuzlaryny
  • doňuzlarynyň
  • doňuzlaryň
  • doňuzly
  • doňuzlygy
  • doňuzlygyna
  • doňuzlygyny
  • doňuzlygyňy
  • doňuzlyk
  • doňuzmy
  • doňza
  • doňzuna
  • doňzuny
  • doňzunyň
  • doňzuň
  • doňzuňam
  • doňzuňky
  • doňzuňyz
  • doňzuňyzy
  • doňzy
  • doňzy-da