doňak do‧ňak

Aşak temperaturada doňup galan (ýagan ygal, ýer barada).

  • Güneş düşüp, doňak gary eredip, Mydamalyk gurlupdyr ýaz pasly. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem doňak - doňagy.


Duş gelýän formalary
  • doňaga
  • doňaklary
  • doňakly
  • doňaklyga
  • doňaklygy
  • doňaklygyna
  • doňaklygynda
  • doňaklygyndan
  • doňaklygyny
  • doňaklygynyň
  • doňaklygyň
  • doňaklyk
  • doňaklykda
  • doňaklykdan