[di:renmek]
Söýget üçin eliňi ýa-da başga bir ýeriňi bir zada urmak, söýget edinmek, ýaplanmak.
Ol iç işikde direnip durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Garly hem turup, iki eline bar güýjüni berip, tärime direndi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Bir zada ýakyn gelip, durmak.