[di:reg]
Diräp söýget etmek üçin peýdalanylýan agaç.
Onuň direg üçin öýe salany uzyndan-ýogyn, gabygy sypyrylmadyk pürsdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ýel ösende, gara öýüň çagarygyna diremek üçin ulanylýan ujy hatjaly uzyn sütün, agaç.
Öýe çöwüş etdiler, direg urdular.
Arkadaýanç, daýanç, esas.
Sizi taryp edip, aýdýaryn açyk, Biziň guwanjymyz, arka diregmiz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)