[di:ş]
Iýmiti dişläp almak, çeýnäp iýmek üçin agyzda ýerleşýän süňk.
Atlar dişleri bilen öňlerine germelen agaçlary gemirdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Baharyň hünji dek düzülen dişleri ak sadap ýaly ýyldyrady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Dil -- bela, diş -- gala. (nakyl)
Diş dişe degenden, daş daşa degsin. (nakyl)
Instrumentleriň, gurallaryň, maşyn bölekleriniň we ş. m. dişelen tarapy, kertik-kertik ýeri.
Byçgynyň dişi.
Çarhyň dişi.
Ukuda dişleriňi gysyp gyjyrdatmak.
Annaguly gözüni açman: -- Hümm, bolýa-bolýa... -- diýip, dişini bir-iki ýola çalan boldy-da, beýlesine agdarylyp ýatdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Bir zadyň hyjuwly arzuwynda bolmak.
seret gyjamak
Agsak mürze gözlerini alardyp, dişlerini gyjardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Hiç zat diýmän, geplemän, içiňi hümledip ýörmek.
Bäş-üç gün dişimi gyssam, elbetde, bu-da geçer. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men bütin ömrümi dişimi gysyp geçirdim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Aýdan-diýeniňe gulak asdyrmak, diýeniňi etdirmek.
Özgä hiç zat edip bilmezlik, zelel-zyýan ýetirip bilmezlik.
Mämmetweli herkime biz ýalylaryň dişi ötmez. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)
Sütemli iş edip, hiç hili garaw görmezlik.
Muny töleseň, olar ýene salgyt salar, olaryň dişlerinde et galar.
Azap bermek, sütem etmek.
Bu öý bizi halys garratdy, dişimizi dökdi. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)
Urmak, ýençmek.
Bir zada zor taýýarlyk görmek.