Dertli, keselli bolmaklyk, kesellilik, syrkawlyk.
Göçme manyda Aladalylyk, azaply bolmaklyk, jebirlilik, jepalylyk, gaýgylylyk, ünjülilik.
Dertlilik adamyň işjeňlik ukybyna köp zyýan ýetirýär.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem dertlilik - dertliligi.