Botanika Söwütler maşgalasyndan bolan dik ösýän ýyldyrawuk ýaprakly agaç.
Ekilen gök deregiň başyny asmana göterip, obanyň üstaşyr görünýärdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem derek - deregi.
Habar, ideg, ugur.
Deregiň kimden soraýyn, Sensiz ne meýlis kylaýyn. («Görogly» eposy)
Men ondan derek bilmedim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Grammatik termin Ornuna, ýerine, öwezine, üçin.
Gerek deregi ýykar. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem derek - deregi.
Bir zatdan nam-nyşan galmazlyk.
Biri ýa-da bir zat hakda habar eşitmek, nirede we neneňsi, nähilidigini bilmek.