Bir zadyň deňeşdiriliş ululygy, ölçeg, möçber, belentlik.
6-7 günden soň, Akmyradyň gyzgyny 39-40 dereje mündi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Bir wezipe, kär, ylym üçin berilýän at.
Belli bir temanyň üstünde işläp, alymlyk derejesine ýetjek bol! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Hal, ýagdaý.
Bularyň dostlugy şu dereje ýetdi, hatda bular biri-birinden aýry nahar hem iýmeýärdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Mertebe, abraý.
Urşuň salan ýarasyny sen hiç kimden soramaly däl-de, gahrymana hormat goýmaly, onuň derejesini götermegi bilmeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Grammatik termin Hereketiň obýektine we subýektine bolan obýektiw gatnaşygyny görkezýän işlik kategoriýasy.
Düýp dereje, şäriklik dereje.
Grammatik termin Sypatlaryň görkezýän hilleriniň nä haldadygyny bildirýän kategoriýa.