Toýnak salmak (mal barada) ; aýagyň bilen urmak (adam barada).
Eşek semrese, eýesini deper. (nakyl)
Ýeri pil bilen agdarmak, agdaryp bejermek.
Göçme manyda Ulagy çalt sürmek, çapmak, at salmak.
Anha, atlar eýerlengi dur, howatyrly ýagdaý duş gelse, müner-de deperin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Meret derrew ol iňňildi sesiň çykan ýerine ýabysyny depdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Tüpeň göçende, bady yzyna urmak.
Ýok, sen atyp bilmersiň, bu tüpeň gaty depýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Bir diýen zadyňy zol gaýtalap durmak.
Şo bir depen ýeriňi depip dursuň. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)
seret ýer