[dela:lat]
Könelişen söz Haýyr, peýda, kömek, ýardam.
Seniň hem bize bir kömegiň, delalatyň degen ýeri bolsun ahyryn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýaş buldurýan gökje gözün mölerdip, Delalat isleýän ýaly zarlaýar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Ejemden, kakamdan, gelnejemden delalat taparmykam diýip, olara-da şunça düşündirjek boldum -- bolmady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Çäre, alaç.
Biziň derdimize bir delalat edeweri! («Görogly» eposy)